Hormatly okyjy!

Arada bir türkmen menden 1998-99-nji ýyllarda Bergende çap eden "Ýurdumy" resmi sahypamda goýmagymy sorady. Bu jurnalyñ elektron neşir görnüşinde çapa taýynlanan 16 sany meniñ köne komputerimde saklanyp galypdyr. Men ol jurnallary täze komputere geçirdim we resmi sahypamda goýmak üçin täzeden gözden geçirmäge çalyşdym. Emma görsem, bu köp wagt aljak. Sebäbi, jurnalyñ sanlary o komputerden beýleki komputere geçirilende, tehniki ýagdaýlar sebäpli, bir topar harp ýalñyşlygy döreýär. Bulary gaýtadan düzedip çykjak bolsam, häzirki edip oturan işlerime päsgel berjek. Ikinjiden, şol döwürdäki pikir-garaýyşlarym, olaryñ beýan edilşi hem doly mañzyma batmady. Ýöne olary düzetmek ýa-da redaktirlemek birinjiden köp wagt alsa, ikinjiden galplyk, taryha düzediş girizen ýaly boljak. Onsoñ, okyjylardan bolmagy mümkin tehniki ýalñyşlar üçin ötünç sorap, "Ýurdyñ" 16 sanyny hem bir-birden, resmi sahypamda şol durkunda, bolmagy mümkin ýalñyşlary bilen ýerleşdirmek kararyna geldim. Ýalñyşmasam, öz jurnalym bolany üçin uly baha berýän bolmasam, "Ýurt" Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ taryhyny özüçe beýan edýär, onuñ baş şygary "Oka, oýlan, köpelt, ile ýetir!" bolupdy. "Ýurdy" ol wagt kän adam okap bilmändi, emma indi internete girýän türkmen köp we men onuñ okyjysy az bolmaz diýip umyt edýärin. Şoñ ýaly-da sizden pikirleriñizi Myhman depderine ýazmagyñyzy haýyş edýärin. Gep öwgide ýa döwgide däl, hakykatda we oña siziñ nähili düşünýänligiñizde. "Ýurdy" ýeke-ýekeden garşy al, gadyrdan okyjy!

Ýowşan Annagurban

Akyl olsañ ýagşylara hemdem bol,
Akmak özün nadan bilen ýar eýlär.

Magtymguly